GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI — BUÝSANÇLY TARYHYŇ ÝAŇY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň baý many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka ýaýmak, şeýle-de Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

     Söhbetdeşlige gatnaşyjylar, ilki bilen, Milli «Ak bugdaý» muzeýine aýlanyp, onuň baý sergi bölümleri bilen tanyşdylar. Sergi bölümleri gymmatlyklara diýseň baý bolup, her biriniň baý taryhy bar. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine degişli ilkinji gurallar, galla orýan oraklar, däne üwemek üçin niýetlenen soky we degirmen daşlary, dänäni we beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlar, ilkidurmuş adamlarynyň örän seýrek duş gelýän çakmak daşdan ýasalan gurallary, türkmen zenanlarynyň, çagalaryň milli lybaslary, aýakgaplary, şaý-sepler, türkmenleriň öý hojalygynda ulanan dürli göwrümdäki gap-gaçlar, ululy-kiçili torbalar, haly gurallary we beýlekiler şeýle gymmatlyklar hökmünde bellenilmäge mynasypdyr.

     Täsirlere beslenen söhbetdeşlik gyzykly çykyşlara baý boldy. Onda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň her bir baby we bölümi hem-de baý many-mazmuny barada giňişleýin söhbet açyp, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde bu eseriň ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen nygtadylar.

     Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň üstümizdäki ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrandygyny çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler hem-de halkymyza şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlaryny aýtdylar.

 

Maýsa MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA