Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrabyň bilim bölümi tarapyndan Bäherden etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda «Gyz edebi – il edebi» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmeniň milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Duşuşykda jemgyýetimizde zenanlaryň orny, olara goýulýan sarpa, ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilýän şertler dogrusynda söz açylyp, türkmen gyzlaryny bezeýän häsiýetler, asyrlarboýy kämilleşip, biziň häzirki günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe ýörelgeleri, däp-dessurlar, ahlak arassalygy bilen bagly gürrüňlere aýratyn üns çekildi.
Duşuşykda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigi, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.