HALKARA INFORMATIKA OLIMPIADASY GEÇIRILER

       Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, maddyenjamlaýyn binýady berkidilýär, milli bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk hasda ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny 2023 – 2030-njy ýyllar üçin strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

       Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny geçirmek bellenildi.

       Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň dünýäniň ylym bilim giňişligine sazlaşykly goşulýan döwründe esasy wezipe hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, zehinli, başarjaň we özbaşdak işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

       Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasynyň geçirilmegi Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan baş çykarýandygyny görkezer. Şeýle hem Açyk halkara olimpiadalaryň geçirilmegi, ýurdumyzyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga berilýän aladanyň netijesidir.

       Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýär. Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri bolup, 15-nji aprelden 20-nji aprel aralygynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olimpiada 14 ýurtdan 50-den gowrak uniwersitetiň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşjak uniwersitetleriň her biri programmirlemek arkaly çözülen 3-den köp bolmadyk meseläni hödürläp bilýärler. Bu bäsleşige Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Eýran, Gazagystan, Germaniýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Katar, Liwiýa, Hytaý, Özbegistan, Rumyniýa, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe we Owganystan ýaly döwletlerden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

       Mundan başgada, olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler. Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

       Bu halkara çäreler dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam berer.

       Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara we bilimlere höwesini hasda artdyrýar, özara tejribeleriň alşylmagyna ýardam edýär. Şeýle hem munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ylymly bilimli, sagdyn we giň düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

       Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Gunça BAZAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň uly mugallymy.

 

«ZAMAN» gazeti.

12.04.2024 ý.

Meňzeş habarlar