WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Düýn Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu ýerde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde guradylar.

      Wagyz-nesihat çäresinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşy we «Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY