Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmeniň ägirt şahsyýetlerine, beýik söz ussatlaryna diýseň uly sarpa goýulýar. Olaryň taryhda bitiren işleri we döreden dürdäne eserleri içgin öwrenilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ebedileşdirilýär. Şeýle ussatlarymyzyň biri hem şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy hasaplanýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr.
Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen diňe türkmen edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda hem özüniň öçmejek yzyny goýan şahyrdyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary her bir ynsanyň köňlüne sahawatlylyk nuruny çaýýar. Şahyryň islendik şygrynyň içinden watansöýüjilik, ynsanperwerlik, haýyr-yhsanlylyk, rehimdarlyk ýaly duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Onuň bize miras galdyryp giden şygyrlary bolsa ylham çeşmämiziň akabasydyr. Biz muny şahyr barada döredilen eserlerde hem aýdyň duýup hem görüp bilýäris.
Şahyr Gara Seýitliýew akyldary şeýle wasp edýär:
Ýüreklere ýürek sözün dolduran,
Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz.
Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.
Häzirki wagtda milli paýhasyň gönezligini ynsanyýet kalbyna guýmagy başaran Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk toýuny bellemäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şahyryň ömür ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan döredijilik bäsleşikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Goý türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, milli mirasymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat MYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby.