MAGTYMGULY

Magtymguly, seniň waspyň ýazmaga,

Asyl söz tapylmaz gazal düzmäge.

Giň zeminde gudrat bar bolsa eger,

Tagzym eder saňa hemmeler, meger.

Ylhamyňdan dörän paýhasly sözler,

Many saçar, asyrlardan-asyra,

Goşgularňy okap nurlanar gözler.

Uzar adyň nesillerden-nesile.

Lagly-merjeni sen şygryýet ýoluň,

Yranmaz galasy sen türkmen iliň.

 

Pyragy – sen, aýralygyň ody sen,

Yşk ataşly ýüregiň perýady sen.

Röwşen uçgun kükregiňi daglady,

Arzuwlarňy Meňli bilen baglady.

Geldi islän erkin zamanaň bu gün,

Yşka düşenlerde hiç bolmaz düwün.

 

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk

mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER