MAGTYMGULY PYRAGY

Şükür! Eziz Watanda bagtymyz goşa-goşa,

Eşretden ýaňa möwçli köňüller joşa-joşa,

Şöhratymyz-şanymyz ýaň salýar galyp arşa,

Bu Türkmeniň buýsanjy ýylyň beýik şygary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Göterildi eziz ýurdum, beýgeldi türkmen ykbaly,

Gül Watanym akyldaryň arzuwynyň wysaly,

Toý-dabara beslenip dur döwürleriň ak ýoly,

Ata ýurda şan getirdi ýylyň beýik şygary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Rowaýata öwrülen ady dillerde dessan,

Söz ussady hem zergär, Hakdan halatly ynsan,

Şygyrlarna baş egýär ýer ýüzi, Türkmenistan,

Şygryýetiň ussady, ýolumyzyň çyragy

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Ýazypdyr hakykaty, sözläp her ne bilenin,

Kemlik bilip özüne, sözün aýtman ölenin,

Taraşlap, şagladypdyr Hakdan köňle gelenin,

Ýadygär hem nusgalyk ýylyň beýik şygary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Tumar KIÇIBALOWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň bilim bölüminiň hasapçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Indiki makala

MAGTYMGULY

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER