Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat medeni ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar, onuň öz döwrüniň ruhy bilen döreden eserleri döwürlere ýalkym saçýar. Halky eserleriň we söz ussatlarynyň edebiýaty beýgeltmekleri döwür hem eýýamlara, ynsan hem adamzada güýçli täsirini ýetirýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, biz – jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde döredijilik işgärleri bilen bilelikde, ýaşlara nusgawy edebiýatymyz, Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň many-mazmunyny giňden düşündirýäris. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň uly ähmiýeti bar. Munuň özi, şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirýär. Köp sanly maslahatlar, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler, şahyryň dürli dillerde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, sergiler, konsertler, sahna oýunlary, çeper we dokumental kinofilmleriň görkezilişi, şahyryň durmuş ýoluna, filosofik garaýyşlaryna we döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ýygyndylaryň neşir edilmegi baýramçylyga gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.
Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.