Ylham gory Sumbar, dag-dere bilen,
Şygyr ýazsa «Aperinler!» diýdiren.
Il-halkyna yşkdan serpaý geýdiren —
Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir.
Ýazgaryp dünýäniň gabahatlygyn,
Soňna çen göreşdi ýalan, galplygyň,
Rast sözlänsoň, diýdi dünýäň halklary:
«Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir».
Oda atylansoň bäş ýyllyk işi,
Döretmek bolupdy bar endişesi,
Öňem aýdan eken bir dana kişi:
«Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir».
Döwet edip kyn gününde ýaragyn,
Saýman menzilleriň ýakyn-yragyn,
Diýer oňa şaýat bolan Garagum:
«Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir».
Edebiýatda açyp täze sahypa,
Özi bilen halkam salyp taryha,
Her dem mynasypdyr waspa, tarypa —
Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir.
Eserleri yşk odundan, naryndan,
Setirleri pähmiň çyrag-nurundan,
Eşitseňiz ynsan kowmy – baryndan:
«Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir».
Bagtyýar biz Arkadagly Diýar bar,
Ýurt başynda Arkadagly Serdar bar,
Ene toprak gülzar, ýollar şuglazar,
Magtymguly diýmek türkmen diýmekdir,
Türkmen diýmek Magtymguly diýmekdir!
Aýnabat ATAÝEWA, şahyr.