BEÝIK AKYLDARYŇ SARPASY

      Magtymguly Pyragy halka hyzmat eden beýik akyldardyr. Ol özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Şirin dilli söz ussadymyzyň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medenýetiniň altyn hazynasyna girdi. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.

       Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygyrýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dana atamyzyň edebi mirasyna bolan belent sarpasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynda has aýdyň ýüze çykýar.

       Türkmen halkyny beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Şöhrat AKMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER