Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, her setiri düre gaplanan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda «Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýip uly buýsanç bilen belleýär. Bu bolsa, ak arzuwlary wysal bolan akyldar şahyryň mertebesini Arşyň deňine ýetirdi.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp eserleri bilen diňe bir türkmen edebiýatyna däl, eýsem, terjime sungatynyň saýasynda dünýä edebiýatynyň ösüşine-de saldamly goşant goşan beýik şahsyýet. Onuň şahyrana dünýäsinde halkymyzyň milliligi şugla saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna goýulýan sarpa has-da belende galdy. Munuň şeýledigini, 2024-nji ýylda beýik danamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna tutulýan dabaralaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri her bir türkmen ojagynda mukaddes saýylyp, tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Çäksiz ýaşaýyş pelsepesini şahyrana dilde beýan eden şahyr ylym-bilim ummanyndan mynasyp paýyny almak we dünýägaraýşyny has-da giňeltmek maksady bilen dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat edipdir. Magtymguly Pyragy syýahat eden ýerlerinde özüniň ajaýyp eserlerini köpçülige okap berip, şol ýurtlaryň keşbiniň nyşanyna öwrülen atlary öz goşgularynda ýygy-ýygydan ulanypdyr. Bu bolsa, türkmenleriň gadymdan bäri dünýä halklary bilen dostana gatnaşyk saklap gelendigine, ýakyn-u-alysdaky milletleriň ýaşaýyş dünýäsi bilen içgin tanyş bolandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmeniň milli aňynda, durmuş pelsepesinde Gündogarda meşhur atlar dürli simwoliki manylara eýe bolupdyr. Akyldar şahyryň şol manylary çeperçilik nukdaýnazardan ussatlyk bilen ulanmagy onuň eserleri dünýä dillerine terjime edilende terjimeçilerden zerur başarnykdyr zehini talap edipdir. Şeýle synagyň üstünlikli hötdesinden gelmek Magtymgulynyň şygyrlaryny rus diline terjime eden ussatlara belli bir derejede baş ardypdyr. Olaryň arasynda G.Şengeli, M.Tarlowskiý, A.Tarkowskiý, Ý.Waliç, Ý.Neýman, Ý.Gordiýenko, S.Iwanow, A.Rewiç, A.Starostin, T.Spendiarowa ýaly ussat terjimeçileriň türkmeniň ruhy gönezligini — Magtymguly Pyragynyň şahyrana pelsepesini dünýäniň medeni giňişligine ýaýratmakda bitiren hyzmatlaryny uly buýsanç bilen agzap bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Beýik şahyryň ajaýyp eserleri halklaryň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň eserleri giň älemde parahatçylyk aýdymy bolup ýaňlanýar. Akyldaryň goşgularynyň hersi giden bir dünýä, ondaky çuňňur manymazmuny, ruhy öwüşgini söz bilen beýan edäýmek aňsat däl. Şu sebäpden, akyldar atamyzyň ruhy mirasyny näçe taryp etsek-de bärden gaýdýar. Onuň her bir sözi dürüň şuglaly dänesidir.
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.