Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa diýseň ýokary. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanyljakdygy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu ýylyň tutuş türki dünýäsinde hem «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçjekdigini bellemek gerek.
Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Şahyryň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňyn täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Dünýä edebiýatyna uly goşant goşan dana türkmen şahyryna belent sarpa goýmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik işler alnyp barylýar. Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi, Watan, il-halk, dost-doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek baradaky parasatly pikir-garaýyşlary, özünde jemleýär. Şahyryň kämil ynsan, kämil jemgyýet baradaky öňe süren ideýalarynyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen möhüm ugurlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlerde özüniň mynasyp beýanyny tapýar.
Rahmanberdi HYDYRLYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.