Altyn harpda keşdelenip beýge galandyr adyň,
Arkadagyň yhlasyndan görki sen Köpetdagyň,
Arkadagly Serdarymyz Arşa göterdi şanyň,
Şanly adyň şanly ýylda bolsun bagtyň dowamy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
Älem syryn siňdiren her bendine, şygryna,
Parasady Arşda Gün, Ýer nurlanýar howruna,
Jümleleri ornandyr ulus-iliň kalbyna,
Bu gün dillere sena zer gaplanan kelamy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
Jem bolmagyny isläp, bir suprada türkmeniň,
Ýaýmagyny arzuwlap, dünýä dogum-mertligin,
Arzuwyň wysal bolup, Watan goýny görk bu gün,
Türkmen bagty ýaşyl Tug deý giň dünýäň şamçyragy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
Her bir jümläň düýpsiz umman, sen danalaň danasy,
Parasadyň teşnä çeşme, gelýär hemmäň ganasy,
Müň asyrdan bir dogýandyr siz deý ylmyň lälesi,
Gülzar eýldi sözleň ýaz deý, ýakyn-yragy,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
Ady ýaly hormata, sarpa beslensin bu ýyl,
Gül Diýarda toýlalyň üstünlikleriň toýun,
Beýik danaň şany deý äleme edip seýil,
Keşt eýleýip jahana dostluk ýoldan ýöräli,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
Şageldi SALYHOW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy.