MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLILIK WE AHLAK GYMMATLYKLARY

      Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary sanardan köp. Şolaryň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nygtaýar.

      Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan we düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr. Bu bolsa dünýäniň gadymdan gelýän ylym we bilim taglymatlaryny, medeniýetlerini hem-de sungatlaryny özünde jemleýän Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý ýaly gadymy siwilizasiýa merkezleriniň hatarynda mynasyp orun alýan eziz Watanymyzyň keramatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär. Ferdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy, Şirazy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, türkmen halkynyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky arzyly arzuwlary bu günki gün hakykat ýüzünde amala aşdy.

Häzirki wagtda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Mundan başga-da şu ýylyň 9-njy fewralynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tassyklanyldy. Bular bolsa türkmen topragynyň beýik ogluna belent hormat goýulýandygyny tassyklamak bilen, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymgulynyň döredijilik mirasyny mundan beýläk-de düýpli öwrenmek hem-de giňden ýaýmak meselelerine dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge ýardam berer.

Magtymguly Pyragynyň: «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýen setirlerinde we beýleki şygyr diwanynyň mazmunynda halkyň berkarar döwlet gurmagy, nesilleriň bagtly durmuşda erkin ýaşamagy baradaky arzuw-islegleri Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu gün dana şahyryň şygyrlarynda beýan eden arzuw-umytlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda we ýörelgelerimizde täze belentliklere beslenýändigi aýdyň görünýär. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Onuň goşgulary biziň ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýaşap gelýän menzil-mekanyny, türkmen tebigatyny, türkmeniň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Onuň döredijiligi bolsa geljekki ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Çünki, çeper söz ussadynyň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir. Beýik Pyragynyň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, adamzat nesliniň ruhy sagdynlygyny üpjün edýän esasy sütünleriň biridir. Ussat şahyryň:

Asla adamzada ajy söz urmaň,

Pakyra-misgine delalat ýagşy –

ýaly setirlerinde öwüt-nesihat häsiýetli, adamkärçilik, hoşniýetlilik, süýjisözlülik, ynsanperwerlik ýaly hoşniýetli häsiýetler wasp edilýär.

Magtymguly Pyragynynyň şygyrlarynda aslynda islendik aýratyn alnan döwrüň ruhy ýaşaýşyndan, jemgyýetçilik gurluşyndan, syýasy-ykdysady durmuşyndan, ene topragynyň ruhundan, mahlasy adamzat barlygynyň we bähbitleriniň jemlenen ýeri bolan Watan baradaky duýgularyna aýratyn orun berilýär:

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip, gidiji bolma!

Şahyryň bu setirlerindäki watansöýüjilik babatdaky pikirleri ähli döwürlerde hem uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda adamyň we raýatyň tebigy we mizemez hukuklary, milli däp-dessurlarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan kämilleşip gelen ata-enä hormat, ula-kiçä sylag, watansöýjülik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk we myhmansöýerlik ýaly ýagşy ýörelgelerimiz täze öwüşgine eýe boldy. Nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň: «Ozal akan ýerden akarmyş aryk...» diýşi ýaly, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän ahlak kadalary ýaş nesle öwretmek, bilim-sowat, edep-terbiýe bermek ýaly asylly ýörelge arkama-arka dowam edip gelýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň döwrebap bilimli, ökde hünärli, kämil ahlakly, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmekleri baradaky aladalar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim pudagyny düýpli özgertmek baradaky syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.

XVIII asyr türkmen edebiýatynda uly özgerilişigi amala aşyran Pyragynyň döredijiligi geljekki şahyrlar üçin özboluşly mekdebe öwrülipdir. Türkmen edebiýatynyň wekilleri Magtymgulydan edebiýaty halka ýakynlaşdyrmagy, halkyň dil baýlygyny özleşdirmegi öwrenipdirler.

Şahyryň döredijiligi diňe bir tema baýlygy bilen tapawutlanman, eýsem çeperçilik tärleriniň ulanylyşy, her sözüň ylham eleginden elenip, obraza eýlenişi jähetden hem haýran galdyrýar:

Bagyr ýaşyn köňül döker gözünden,

Gaş hem gelse ýyglap geçer halymga.

Ýene bir mysal:

Daglar başyn egdi duman bürendi,

Ýeller galabilmän, ýerde süýrendi.

Bütin ömrüni halkyň hyzmatynda geçiren Magtymgulynyň döredijilik älemi baý we köptaraplaýyndyr. XVIII asyr türkmen durmuşy, döwrüň taryhy we syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, özüni kemala getiren halka bolan yssy mähir, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi tämizligi... − bularyň hemmesi şahyryň döredijiliginde orun tapypdyr. Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem türki dilli edebiýatyň taryhynda hem uly öwrülişik döreden şahyrdyr. Akademik W.W. Bartold «...Türki halklaryň arasynda diňe türkmenleriň öz milli şahyry – Magtymgulysy bar.» diýen mahaly hut şol öwrülişigi göz öňüne tutan bolsa gerek.

Bu günki gün Magtymgulynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgulary halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlanýar, gadymdan bäri türkmeniň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrülýär.

Batyr AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň

Ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalary

döwlet bellige alyş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER