AKYLDAR ŞAHYRYŇ GOŞGULARYNDA TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ WASPY

     Türkmen halky gadym döwürlerden bäri zenanlara öý-ojagyň eýesi hökmünde garap, aýratyn hormat-sarpa goýýar. Olaryň hemişe mertebe tuguna deňäpdirler. Aýal-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleri bolsa, biziň halkymyzyň zergärçilik sungatynyň esasyny düzýär. Bilşimiz ýaly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem ussat zergär bolupdyr. Bu bolsa, belli bir derejede dana şahyrymyzyň aýal-gyzlara goýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly, köptaraplaýyn döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary bilen birlikde, gelin-gyzlaryň mertebesi, gylyk-häsiýetleri, edep-ekramy, görk-görmegini wasp edip ençeme şygyrlary döredipdir. Dana şahyr şygyrlarynda zenanlaryň maşgalada, jemgyýetde, durmuşda uly orun eýeleýändigi baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şahyr:

Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa –

diýmek bilen, gelin-gyzlary maşgalanyň görki, durmuşyň bezegi hasaplaýar.

     Magtymguly Pyragy gelin-gyzlar barada ýazan goşgularynda olaryň maşgaladaky ornuny, mertebesini, çeper elliligini hem wasp edýär. Olary maşgalada erkek kişiniň syrdaşy, şatlygy, gaýgyny deň paýlaşýan, durmuşyna bezeg berýän wepaly ýanýoldaşy hasaplapdyr. Bu barada:

Döwletli är gerek, söweşde serhoş,

Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş.

Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş

Bu döwlet hiç kimiň eline degmez ─ diýip ýazypdyr.

     Bu günki gün zenan mertebesini belende göteren şahyryň gelin-gyzlary wasp edýän eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe kalby mähirden doly zenanlarymyz bagtly durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler, terbiýeli nesli kemala getirýärler.

     Pursatdan peýdalanyp gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, Berkarar Watanymyzy ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Akbibi RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER