«Magtymguly» diýip tutulýar adyň,
Arzuwlaryň wysal bolmuş Pyragy.
Gurup giden söz mülkünden binýadyň,
Ter miwesin berýär şygryýet bagy.
Ylhamyň çeşmesi — eserleriňde,
Milliligiň şuglasy bar, heňi bar.
Garaşsyz, Bitarap, berkarar ýurtda,
Uly şanly senäň beýik ýaňy bar.
Lebzi halal türkmenimiň alnynda,
Ynamly geljegiň aýdyň daňy bar.
Pähim-parasada ýugran sözleriň,
Yraga-ýakyna görelde mekdep.
Reňbe-reň gülleýän şygyr älemne,
Asyl köki bolup berýärsiň medet.
Göwünlere keşdelenen eserleň,
Ynsana ezelden berýändir edep.
Şahyrlaryň serweridir şahyrym,
Ygtyýary, erki döwet galamy.
Gursagna guýulyp Watan söýgüsi,
Röwşen gelejege ýollan salamy.
Ynam bilen nagyşlanan kagyzlar,
Ýol görkezýär bu gün alym, aryba.
Ezber şahyrlaryň hataryn çekip,
Turuwbaşdan adyň girdi taryha.
Çar tarapa edip seýil-seýranlar,
Ylymdan mynasyp aldyň serpaýyň.
Rowaçlanýan ýurtda şanly toýuňa,
Ajaýyp heýkeliň guruldy gaýym.
Gelerler toýuňa dost-dogan bary,
Ykrar edip adyň dünýä, Pyragy!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.