MAGTYMGULY PYRAGY

Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir dillerim,

Arş içre mekan tutan ajap dessanym bar meniň.

Magtymguly Pyragy

 

Sabalardan tämiz niýetleň siňen,

Her sözüň dost eýlär ýakyn-yragy.

Paýhasa ýugrulan sözleriň bilen,

Şygyr şalygyna şa sen, Pyragy!

Filosof hem dana beýik, Pyragy!

 

Bagtymyza Güneş bolup dörediň,

Iliň, halkyň gullugyna ýaradyň,

Mydam Hakyň ýoly bilen ýörediň,

Arzuw edip ajap çagy, Pyragy!

Köňülleň gülleýän bagy, Pyragy!

 

Isleýşiň deý agzybir ýurt, adamlar,

Ynam bilen batly urýar gadamlar,

Waspyň beýan edýän müňläp galamlar,

Ejiz gelýär seň gaşyňda, Pyragy!

Beýikligiň çür başynda, Pyragy!

 

Arzuwyň wysaldyr, bagtyýar zaman,

Arkadag Serdarly ajaýyp eýýam,

Arkadagyň ýoly dowamat dowam,

Tirsegňe gal, synla gözel Diýary!

Taraşlap şaglatgyl gazal, Pyragy!

 

 

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER