AKYLDAR ŞAHYRYMYZA SARPA

     Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir döredijiniň ýüreginde, aňynda ýaşaýar. Ondan bolsa, döredijiniň galamyndan syzylyp çykýan dürdäne setirlere, kitaplara siňýär. Şeýdibem, akyldar şahyrymyz asyrma-asyr, nesilme-nesil aşyp, türkmen milletiniň agzybirligini, asudalygyny, parahatçylygyny, mizemezligini görkezýän baýdaga öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanynyň wakalarynda, gahrymanlaryň dilinde hem şahyryň şahsyýeti belende göterilýär. Eseriň käbir sýužetlerine üns bereliň! Mälikguly Beýik Watançylyk urşuna giden kakasyna hat iberende hem, urşuň yzynda galan adamlara Magtymguly akyldaryň goşgularynyň ruhy goldaw berýändigini: «Adamlara palaw çekerin, çaý çekerin. Eger isleseler, Magtymgulynyň goşgularyndan okap bererin. Goý, adamlar şatlansynlar» diýen setirleri-de beýan edýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ençeme eserlerini elimize alanymyzda, Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine, ajaýyp şygyr setirlerine duş gelmek bolýar. Ine, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň sahypalarynda hem beýik akyldaryň belent keşbi, parasatly setirleri belende galýar.

     Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, şol sanda Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini her bir eserinde şöhlelendirmegi asla ünsden düşürmeýär. Şolaryň biri-de, Milli Liderimiziň ömür beýanyna öwrülen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabydyr. Her bir adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky ugrukdyryjy gollanma bolan bu kitapda durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açylýar. Beýan edilýän wakalaryň ömür we adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen özara baglanyşmagy, akyldar şahyryň pikir-garaýyşlarynyň şöhlelendirilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde söz ussadynyň şahsyýetine, ajaýyp şygryýetine hormat-sarpanyň beýik beýanyny döredýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň many-mazmunyndan Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti, çuň filosofiýa eýlenen şygryýeti eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň her şygryndan, her setirinden alnan mysallar Milli Liderimiziň eserlerinde döredijilikli peýdalanylyp, halka ýetirilýän pikir-garaýyşlaryň gymmatyny has-da artdyrýar. Eseriň many-mazmunyny baýlaşdyryp, çeperçiligini ýokarlandyrýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy we Magtymguly Pyragy aýrylmaz baglanyşygy emele getirýär.

 

Aýlar REJEPOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň talyby.

Öňki makala

AKYLDAR ŞAHYRA

Indiki makala

MAGTYMGULY PYRAGY

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER