2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-si. Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça II «OIOIUS-2024» Açyk halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy.
Garyşyk görnüşde geçen giň gerimli çärä türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy hem mugallymlar toparynyň wekilleri gatnaşdy. Dabaranyň esasy gahrymanlary türkmenistanly we dürli ýurtlardan gelen informatika boýunça zehinli talyplar boldy.
Bu ýyl olimpiada Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Belarus, Ermenistan, Eýran, Liwiýa, Katar, Türkiýe, Germaniýa, Rumyniýa, Gruziýa we Hytaý ýaly 18 ýurduň 52 ýokary okuw mekdeplerinden 270-den gowrak talyby bir ýerde jemledi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow çärä gatnaşýanlara salam hem gutlag sözi bilen ýüzlenip, olimpiadanyň halkara akademiki giňişlikde dostlukly we ylym-bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem berkitmekdäki ähmiýetini nygtady.
Dabarada Yslam Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň, Ýefrosiniýa Polotskaýa adyndaky Polotsk döwlet uniwersitetiniň, Hytaý nebit uniwersitetiniň rektorlary we beýleki gatnaşanlar çykyş etdiler.
Çykyş edenler talyplara üstünlik we ajaýyp ýeňişler arzuw etmek bilen, halkara olimpiadanyň ýaşlaryň arasynda gymmatly tejribe we bilim alyşmak, dost we pikirdeş adamlary tapmak üçin gowy ýerlik boljakdygyna we gatnaşýan ýurtlaryň bilelikdäki işlerde gowy netijelere ýetmek üçin täze itergi boljakdygyna ynam bildirdiler. Türkmenistanyň özara düşünişmek, ynanyşmak we parahatlyga esaslanýan dünýä ýurtlary bilen aç-açan hyzmatdaşlygynyň ýaşlaryň ylym we tehnologiýa pudagynda gazanan üstünlikleri, halkara gepleşikleriniň mynasyp dowam etdirilmegi we döwletleriň abadan geljegini üpjün etmegi energetika pudagynda ökde hünärmenleri taýýarlamagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýratyn nygtaldy.
Olimpiadanyň açylyş dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň «Gara altyn» aýdym-saz toparynyň dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetiren aýdymlaryndan düzülen baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.
Uniwersitetiň eýwanynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleriniň çäräniň myhmanlary üçin taýýarlan gyzykly sergisi görkezildi.
Milli halylar, geýimler, şaý-sepler, suratlar, bürünç we keramika eserler myhmanlara Türkmenistanyň milli däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň we taryhynyň baýlygy hem gözelligi barada gürrüň berdi. Şeýle hem sergä gelenlere milli tagamlar hödürlendi.
Kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň galamyndan çykan edebi eserler görkezildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergide görnükli nusgawy şahyryň eserleridir ömrüne we döredijiligine bagyşlanan kitap ýygyndysy ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň paýtagtynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde myhmanlary gyzgyn garşylamak we mähirli kabul etmek bilen, türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerligi giňden görkezdi.
Günüň ikinji ýarymynda olimpiada öz işine başlady. Ol iki tapgyry öz içine alýar we şahsy ýaryşlar görnüşinde geçirilýär. Birinji tapgyra gatnaşýanlara programmirlemegi ulanyp, amaly meseleleri çözmek bilen baglanyşykly 5 mesele teklip edildi.
18-nji aprelde olimpiadanyň ikinji tapgyry geçiriler. Onda talyplar kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmek üçin, çylşyrymly programma üpjünçiligini döretmeli bolarlar.
Talyplaryň işini barlamak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan işlenip düzülen ýörite maksatnama arkaly amala aşyrylar. Bäsleşigiň emin agzalaryna Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň alymlarydyr mugallymlary girýär.
Olimpiadanyň netijeleri 19-njy aprelde yglan ediler. Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakçylary medallar, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Şol gün uniwersitetde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy we amaly konferensiýa hem sergi, şeýle hem halkara çäreleriniň ýapylyş dabarasy bolar.
Myhmanlar taryhy ýadygärliklere, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, milli muzeýlere we Türkmen paýtagtynyň söwda hem güýmenje merkezlerine baryp görmegi öz içine alýan baý medeni we güýmenje maksatnamasyndan lezzet alarlar.
turkmenistan.gov.tm