Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen diňe bir türkmen edebiýatyna däl-de, eýsem, terjime sungatynyň üsti bilen dünýä edebiýatynyň ösüşine-de saldamly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Onuň şahyrana dünýäsinde türkmen halkynyň milliligi ýalkym saçýar. Türkmen halky hem akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toý-dabara bilen bellenilýändigi muňa şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlygy netijesinde 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriniň sanawyna goşulmagy Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň dünýä derejesinde dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
Gadymy we şöhratly geçmiş taryhymyza, milli ruhy gymmatlyklarymyza, danyşment alymlarymyza we şahyrlarymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň … öňünde baş egýärin» diýip, nusgawy şahyrlarymyzyň aýratyn hem beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiligine uly baha berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň ajaýyp döredijiligine bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly gymmatly eserindäki «...Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen setirler akyldar şahyryň derejesini bütin adamzadyň ykrar edýändigini, bu garaýşyň wagt we giňişlik babatda belentdedigini aýdyň mälim edýär.
Çäksiz ýaşaýyş pelsepesini şahyrana dilde beýan eden şahyr ylym-bilim ummanyndan mynasyp paýyny almak we dünýägaraýşyny has-da giňeltmek maksady bilen dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat edipdir. Magtymguly Pyragy syýahat eden ýerlerinde özüniň ajaýyp eserlerini köpçülige wagyz edip, şol ýurtlaryň keşbiniň nyşanyna öwrülen atlary öz goşgularynda ýygy-ýygydan ulanypdyr. Bu bolsa türkmenleriň gadymdan bäri dünýä halklary bilen dostana gatnaşyk saklap gelendigine, ýakyn-u-alysdaky milletleriň ýaşaýyş dünýäsi bilen içgin tanyş bolandygyna şaýatlyk edýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, akyldar şahyryň goşgy setirlerine salgylanalyň:
«Aly siziňdir»
Maşryga ýüz urup çyksaň Horasan,...
...Zir paýy – esbiňiz Yrak, Yspyhan,
Dagystanyň hyşmy-heýli siziňdir.
«Bady-sabany görsem»
Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem.
«Gördüňmi?»
. ..Käbe etrapynda, Şamda, Yrakda....
...Rumda, Gypjakda, Çynda-Maçynda,...
Türkmeniň milli aňynda, durmuş pelsepesinde Gündogarda meşhur atlar dürli simwoliki manylara eýe bolupdyr. Akyldar şahyryň şol manylary çeperçilik nukdaýnazardan ussatlyk bilen ulanmagy onuň eserleri dünýä dillerine terjime edilende terjimeçilerden zerur başarnykdyr zehini talap edipdir. Dogrudan-da terjimeçilik äleminiň agzalary bolan ussat terjimeçileriň kömegi bilen Pyragynyň eserlerini giň älemde parahatçylyk aýdymy bolup ýaňlanýar. Onuň her bir sözi dürüň ýalkymly dänesidir.
Türkmeniň tuwagy hem hany-many,
Bogup berdi sözden ajap bossany,
Köňülleriň bir ajaýyp dessany,
Magtymguly Pyragynyň sözleri.
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.