NESILLERIŇ PAÝHAS MEKDEBI

      Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ajaýyp ösüşlere, belent sepgitlere beslenýän asuda Watanymyzda mähriban halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly senelere, taryhy wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz çäksiz guwanç we belent buýsanç bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygyny belleýär. Bu bolsa eýýamlaryň we nesilleriň üzülmez arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

      Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ynsanperwerligi, päkligi, erkinligi, adalatlylygy wagyz edýän pelsepewi garaýyşlary halkymyzyň aňynda hem kalbynda mydamalyk orun aldy. Gahryman Arkadagymyz bu barada söz açyp: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar» diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, namys-arynyň päkligine düşünen, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýärsiň. Onuň öz döwründe ýazan ynsanyň ahlak päkligi baradaky goşgulary ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmeýän hazyna bolup hyzmat edýär. Çünki ajaýyp söz ussady özüniň çuň many-mazmunly şygyrlarynda ýamany ýazgaryp ýagşy-gylyk häsiýetleri belent ruhda wasp edilipdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaş nesillere edep-terbiýe bermek bilen baglanyşykly täsirli setirler özüniň terbiýeçilik taýdan gymmatyny ýitirmän nesilden-nesle geçip biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň ulyny sylamagy, hiç bir ynsana ajy söz aýtmazlygy, kynçylyk çekýän adamlara goldaw bermegi, gam-gussa batan ynsanlara ýagşy söz bilen hemaýat bermegi, oňat gylyk häsiýetli adamlardan görelde almagy ündeýän goşgy setirleri edebi çeperçilik taýdan halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolupdyr. Magtymguly Pyragy mertligi, Watany söýmegi, az we mylaýym sözlemegi, dogry sözli bolmagy öz goşgy setirleriniň üsti bilen berk baglanyşdyrýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döwlet berkararlygy il agzybirligi ýurt asudalygy baradaky arzuw umytlary ýol-ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda agzybir hem zähmetsöýer halkymyz akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny döwlet derejesinde dabaraly belleýändigi aýratyn hem guwandyryjydyr. Taryhymyzy, milli mirasymyzy we medeni, ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Dursunjemal SARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER