MAGTYMGULY PYRAGYDYR

Paýhas bagynyň bilbili,

Magtymguly Pyragydyr.

Söz sonarnyň parlan güli,

Magtymguly Pyragydyr.

 

Pähim, parasat çeşmesi,

Sözleri zerden keşdeli,

Köňüller onuň teşnesi,

Magtymguly Pyragydyr.

 

Ykballaryň duýgy, sazy,

Patasyn beren «Şirgazy»,

Haka bolan yşkyň özi –

Magtymguly Pyragydyr.

 

Nesillere miras dessan,

Kalba ýagşy niýet beslän,

Berkarar döwleti islän,

Magtymguly Pyragydyr.

 

Ýollara çyragly çelgi,

Geljegmize aýdyň salgy,

Molla Azadynyň kalby,

Magtymguly Pyragydyr.

 

Ündäp asylly edebi,

Beren pentleri ebedi,

Şygry nesihat mekdebi,

Magtymguly Pyragydyr.

 

Didaraly ERKÄÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Indiki makala

DAG JÜLGESI

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER