Bu makala häzirki wagtda gyssagly ýagdaýda iňlis dilinde we beýleki daşary ýurt dillerinde geplemek başarnyklaryňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, tüýs size peýdaly bolup biljek makaladyr. Şeýlelikde, bary-ýogy bir aýyň dowamynda iňlisçe gepleýşiňi nädip kämilleşdirmeli.
Filmleri, seriallary we multfilmleri iňlis dilinde görmeli
Filmlere asylky dilinde tomaşa etmek daşary ýurt dilindäki sözleri özleşdirmäge we düşünmek endiklerini ösdürmäge, söz baýlygyny artdyrmaga hem-de sözleri aýdyşyňy suwaralaşdyrmaga ýardam edýär. Bu hili filmler şol dilde gepleýänler üçin niýetlenendir, şonuň üçin filmiň gahrymanlaryny diňlemek we yzyndan gaýtalamak bilen, iňlis dili ene dili bolanlaryň äheňine we sözleri aýdyşyna öýkünýärsiňiz. Sözlere we sözlemlere has gowy düşünmek, olary ýatda saklamak üçin bolsa iňlis dilinde subtitrleri bolan filmleri görüp bilersiňiz.
Kitaplary we internet neşirlerini okamak
Daşary ýurt edebiýatyny, žurnallary we gazetleri okamak dil öwrenmekde ýüze çykýan söz öwrümleri we idiomalar ýaly kynçylyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde sözlük goruňyzy baýlaşdyrar. Kitaplar we onlaýn habar beriş serişdeleri, adatça, adaty okuw kitaplarynda ýetmezçilik edýän, ýerlikli we gülküli sözlemleriň, aforizmleriň, manydaş sözleriň hazynasydyr. Mundan başga-da, bu ýerde okalýan zatlar öwrenilýän diliň ýurdunyň medeniýeti we gymmatlyklary barada öwrenmäge kömek edýär.
Ýeri gelende iňlis dilinde okalan kitabyň hem bilimiňi artdyrmak bilen birlikde, dil endigiňi geljekki ädimler bilen ösdürmek bolup durýandygyny bellemek gerek.
Daşary ýurtly tanymal adamlara we blogerlere ýazylmak
Mälim bolşy ýaly, sosial ulgamlarda habar alyşmak ene diliňizde gepleýän adamlaryň çygry bilen çäklenýär. Şeýle-de bolsa, internet giňişligi dili öwrenmek isleýänler üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şundan ugur alyp, daşary ýurtly blogerleri we tanymal adamlary gyzyklanmalaryňyza we dil biliş derejäňize görä yzarlamakdan başga-da, olar barada iňlis dilinde söhbet edip, teswir ýazyp başlaň. Şeýle hem iňlis dilindäki podkastlary ýa-da audiokitaplary diňläp bilersiňiz.
Her gün täze sözleri we jümleleri öwrenmek
Öz söz baýlygyňy has-da artdyrmak meselesinde iň bir netijeli usul hem her günde ortaça 5 söz öwrenmekdir. Bu sözleriň has gowy öwrenilmegi üçin olardan sözlem düzmäge çalşyň. Täze özleşdirilýän sözleri ýatda saklamak üçin yzygiderli gaýtalamak gerekdir. Munuň üçinem siz ýörite niýetlenen mobil goşundylardan ýa-da täze sözleri öwrenmäge ýardam edýän saýtlardan peýdalanyp bilersiňiz.
Geplemek
Daşary ýurt dilini öwrenmekde görnetin, has ýokary netije gazanmaga gepleşik tejribesi ýardam edýär. Gündelik öz öwrenýän diliňizde gepleşmek üçin söhbetdeş tapyň ýa-da bu dilde öwrenen zatlaryňyzy özüňize gürrüň beriň, ýa bolmasa-da gepleýän zatlaryňyzy diktofona ýazdyryň. Şeýle hem öz islegiňize görä, iňlis dilinde gepleşip boljak dil öwreniş okuwlaryna ýa-da gyzyklanma klublaryna gatnap bilersiňiz.
Dürli ýagdaýlary göz öňüne getirip gepleşik gurmak
Özüňizi durmuşyň iňlis dilinde geplemek zerur bolan dürli ýagdaýlarynda diýip göz öňüne getiriň. Bu adatça dükana baryp söwda etmek ýa-da Oskar baýragyny gazanan adam mysaly özüňe çykyş taýýarlamak, halaýan tanymal adamyňyza duşup, onuň bilen söhbet etmek ýaly mysaly ýagdaý bolup biler. Bu ýagdaýlary ýerin ýetirmek diňe bir geplemegi ösdürmäge däl, eýsem daşary ýurt dilinde gepleşilende çekinjeňlik duýgusyny ýeňip geçmäge hem kömek edýär.
türkmenportal..com