TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI BUÝSANJY — ZAMANAŇ GUWANJY TÜRKMEN BEDEWI

       Şeýle at bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Etrap derejesindäki aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna etrabymyzyň dürli ýerlerinden bagtyýar ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň bedew atlara bolan söýgüsiniň barha artýandygyny, gadymdan gelýän toý däpleriniň täze röwüşe eýe bolýandygyny nobatdaky baýramçylyk dabarasy aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Toý keşbine giren giň jülgede etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, milli toý däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän tomaşalara uly orun berildi, milli tagamlar taýýarlanyp, dabara gatnaşanlara hödür-kerem edildi, baý many-mazmuna beslenen sergiler guraldy.

       Şatlyk-şowhuna ulaşan dabara gatnaşan bagtyýar ildeşlerimiz owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyna arşa göteren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Begenç ÖWEZOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA