BERKARAR DÖWLETIŇ SAGDYN NESILLERI

      Ýakynda şeýle at bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda sportuň welosiped sürmek we estafeta görnüşleri boýunça  ýaryş geçirildi. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen bir hatarda, olarda watansöýüjiligi, zähmetsöýüjiligi terbiýelemek maksady geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

      Etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasyna laýyklykda guralan ýaryş güýçli toparlary ýüze çykardy. Onuň netijesinde welosiped sporty boýunça etrabyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzülen topar birinji, 2-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 21-nji orta mekdebiniň topary üçünji orna mynasyp boldy. Sportuň estafeta görnüşinde etrabyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçylary birinji, 16-njy orta mekdebiniň okuwçylary ikinji, 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary üçünji ýerleri eýelediler.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA