Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda ýaş türgenleriň gatnaşmagynda «Bedenterbiýe we sport —saglygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda berkarar Watanymyzda sporta berilýän üns, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ugrunda durmuşa geçirilýän işler, ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýokary derejede bilim almaklaryny, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak babatdaky tagallalar barada çykyşlar edildi. Ýakynda paýtagtymyzda tamamlanan hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň gazanan ajaýyp üstünligi hakda aýdylanlar has-da täsirli boldy.
Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende göterýän, ýaşlaryň sportda has-da kämilleşmegi ugrunda giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepnur ATAÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.