DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

     Şu günler Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň orta mekdeplerinde okuwçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap aragatnaşyk bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Duşuşyklarda «Aragatnaşyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary düşündirilýär, sanly ulgamyň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak barada durlup geçilýär.

     Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýa dolanyşygynyň batly depginler bilen ösýändigi, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp, sanly ulgamyň ähli mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýandyklary barada täsirli söhbet açylyp, ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdylýar.

     Işjeňlige beslenen şeýle mazmunly duşuşyklar etrabyň mekdepleriniň birnäçesinde eýýam geçirildi. Duşuşyklarda ýaşlar hakda edilýän bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň 

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA