Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde talyp ýaşlaryň hasabat konserti bolup, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem egsilmez şatlyk we ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki şatlykly günlerinde bolan hasabat konserti özboluşly sungat baýramçylygyny ýada saldy.
Konsertde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp gyzlar toparynyň ýerine ýetiren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymy, Mergen Halykowyň halk saz gurallary orkestrine dirižýorlyk etmeginde ýaňlanan «Baýramçylyk mukamy» sazy, skripkaçylar we hor toparlarynyň Nury Halmämmedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Uçuň durnalar» atly saz toý ruhundaky sahnadaky ruhubelentligi belende göterdi. Ussat halypalaryň döredijiligini dowam etdiriji talyp ýaşlaryň çykyşlarynyň her biri gyzgyn garşylandy.
Mähri GURDOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.