GÜÝÇLI TÜRGENLER ÖŇE SAÝLANDY

      Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda ýaş pälwanlaryň arasynda sportuň milli göreş, guşakly göreş görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.

      Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan hem türgenleriň gatnaşmagynda bolan ýaryşyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmekden ybarat boldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde birinji orna Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň türgenleri toparlaýyn mynasyp boldular. Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynyň türgenleri ikinji, Sarahs etrabynyň türgenleri bolsa, baýrakly üçünji orny eýelediler.

 

Akmyrat TOÝÇYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA