BEDEW — TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi bolup durýar.

      Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we bu şanly sene mynasybetli dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar. Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri mynasyp orny eýeleýär.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjy, ajaýyp çapyksuwarlygy, at üstündäki tilsimlere ussatlyk bilen erk edişi her bir adamyň kalbynyň töründen orun aldy. Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Türkmen bedewine aýratyn söýgi we mähribanlyk bilen garaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp kitaplarynda türkmeniň iň wepaly dostuna — ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny beýan edýär.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe — beýik ösüşleri nazarlaýan zamanamyzda ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterilýär. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesinde çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Guwanç ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA