SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

    Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň futbol meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» şygar astynda futbol ýaryşy geçirildi. Oňa oba ýaşlaryndan düzülen toparlaryň 6-sy gatnaşdy.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralan futbol ýaryşy çekeleşikli hem-de gyzykly bolup, başarjaňlary öňe saýlady. Netijede, Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň «Joşgun» topary birinji, oba ýaşlaryndan düzülen «Şadyýan» topary ikinji, «Bagtyýarlyk» topary bolsa, üçünji orny eýeledi.

     Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan

etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA