DAG ETEGINDE ÝAÝBAŇLANDYRYLAN DABARA

     Ahal welaýatynyň Börme obasynyň golaýynda — dag eteginiň gözel künjeginde welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» ady bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabara geçirildi.

     Dabaranyň geçýän ýerinde şatlyk-şowhun, uly ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmetkeşleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar dabara işjeň gatnaşmak bilen, dabaradaky giň göwrümli tomaşalardan ruhy lezzet aldylar. Ylaýta-da, tebigatyň täsin ýerine guralan toý öwüşginli sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary göwün göteriji duýgularyny döretdi. Edebi-sazly kompozisiýa bilen başlanan çykyşlar aýdym-sazlara, tans-halk döredijilik çykyşlaryna utgaşyp gitdi. Ahal welaýat medeniýet merkeziniň, etraplaryň medeniýet merkezleriniň  aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary uzaklara ýaň saldy. Bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, eziz Diýarymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleriniň, äleme meşhur behişdi bedewlerimiziň waspy toý gününiň çykyşlarynyň özenini düzdi.

     Behişdi bedewleriň uz basyp ýöreýşi dabaranyň geçýän ýerindäki tomaşalaryň üstüni ýetirip, dag eteginiň bezegini artdyrdy. Welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň surat sergisi, şeýle-de ýaşajyk suratkeşleriň surat çekip oturan pursatlary şol görnüşler bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Surat sergisinde ahalteke bedewiniň gözelligi öz beýanyny tapypdyr. Körpeler «Aşyk oýny» «Takylatdy», «Aýterek-günterek» ýaly milli çaga oýunlaryny oýnamak bilen toýuň bezegine bezeg goşdular.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA