KÖNEÜRGENJE GEZELENÇ ÇÄRESI GURALDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna «Geçmişden geljege nurdyr, Pyragy» atly gezelenç çäresini gurady. Bu çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, şeýle-de, şanly taryhymyzy, şöhratly geçmişimizi, beýik şahsyýetlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Goraghananyň ýörite wekili gezelenç çäresine gatnaşan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy, buýsançly geçmişimizi öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga döredilýän giň mümkinçilikler, «Köneürgenç. taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumy we ondaky taryhy binalaryň her biriniň aýratynlyklary, müňýyllyklaryň şaýady bolan arhitektura ýadygärlikleri, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamaga degişli döwlet maksatnamalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Ýaşlar bu ýerde sorag-jogap alyşdylar. Bu gezelenç çäresi täsirliligi babatda özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar