DAŞOGUZLY TÜRGENLERIŇ SPORT ÄLEMINDÄKI ÜSTÜNLIGI

       Golaýda Tailand patyşalygynyň Phuket şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň 31-nji marty – 11-nji apreli aralygynda geçirildi. Oňa 110 döwletden türgenleriň 459-sy gatnaşdy. Şolaryň içinde biziň ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde Daşoguz welaýatyndan hem türgenleriň bolmagy bizi has-da buýsandyrdy.

       Agyr atletika boýunça Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Mansur Rejepowyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwranbek Hasanbaýew 102 kg. agram derejede çykyş edip, ol siltäp götermekde 187 kg. netijäni görkezdi. Onuň itekläp galdyrmakdaky netijesi bolsa, 205 kg.-a barabar bolup, umumy görkezijisi 392 kg. boldy we ol öňdäki bäşlige girmegi başardy. Netije-de, türgen 1-nji orny eýeläp altyn medal gazandy.

       Şeýle hem, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgeni, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň esgeri Maksat Meredow 81 kg. agram derejede çykyş edip, ol siltäp götermekde 146 kg., itekläp götermekde 182 kg., umumylykda 328 kg. netijäni görkezip, kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy.

       Şeýlelikde, türkmen agyr atletikaçylarymyz Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna sportuň agyr atletika görnüşi boýunça gatnaşmaga ýollanma gazandylar.

 

Derýa MAGSADOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar