Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde, surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri guramak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde Görogly etrap çagalar sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň 1-nji synpynda okaýan okuwçylar gatnaşdylar. Olar öz ukyp-başarynyklaryna görä, eminler tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda, milli buýsanjymyz – ahalteke bedewlerimiziň suratyny çekip görkezdiler.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň 1-nji synp okuwçylary Bagül Baýramdurdyýewa, Süleýman Aşyrow, Leýli Nepesowa dagylar 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň we etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.
Kamolbek SOBIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.