Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda welaýatyň etraplarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn top» atly futbol ýaryşlary geçirilýär. Kaka etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň sport meýdançasynda geçirilen ýaryş has-da uly gyzyklanma eýe boldy.
Ýaryşyň esasy maksady ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan, sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, futbol boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, ýaryşyň etrap tapgyryna orta mekdepleriň ençemesinden toparlar gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde etrabyň 15-nji orta mekdebiniň topary birinji, 18-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 14-nji orta mekdebiniň topary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary gowşuryldy.
Wepa ANNABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.