«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji maýynda bilim ojaklarynda giňden ýaýbaňlandyryljak mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hem häzirden degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şu günler 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak mekdep uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. «Soňky jaň» dabaralaryny özboluşly toý ruhunda, guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän şeýle çärelere mekdep mugallymlarynyň, mekdep uçurymlarynyň ata-eneleriniň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrýar.
Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesine mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, «Soňky jaň» dabaralarynda etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak, okuw ýylynda tapawutlanan mekdep uçurymlaryny jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylaglamak meýilleşdirilýär. Munuň özi 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşjak dabaralara baý many-mazmun goşar. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, mekdep okuwçylarynyň “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegini gazanmakda mynasyp tagalla ederis.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň başlygy.