SPORTUŇ ÖZBOLUŞLY GÜÝJI

     Sport ýaryşlaryna tomaşa edýän janköýerleri görüp, özýanyňdan sporta maşgala baýramçylygy diýeniňi hem duýman galýarsyň. Şeýle diýmäge ilkinji itergi beren zat, sport ýaryşlarynyň maşgala bolup tomaşa edilýänliginde. Biziň ýurdumyzda bolsa, maşgala we onuň jebisligi, agzybirligi syýasy abadançylygyň nusgasy hökmünde görülýär. Sport bolsa, şeýle abadançylygyň bolmagynda özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunlukda, sporty maşgala baýramçylygy hökmünde aýtmaga doly esas bar.

     Sport arkaly parahatçylyk we ösüş gazanylýar. Halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan jadylaýjy güýjüň, ýagny sportuň ýurdumyzda giň gerim almagy bagtyýarlyga we ösüşe barýan halkymyzyň durmuşynyň asylly endigine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi ýaş türkmenistanlylary sporta höweslendirýär. Munuň özi, sagdyn nesilli kämil jemgyýetiň kemala gelmeginiň netijeli badalgasydyr. Olimpiýa şäherçesine “Olimpiýa” adynyň berilmeginiň özi-de, ilkinji nobatda, Olimpiýa hereketlerine tarap ymtylyşy we doly derejede goldaýandygyny, eýerýändigini alamatlandyrýar.

     Halkara ýaryşlary ýaş türgenlere tejribe hem synagdyr. Olar Watanymyzyň al-ýaşyl tuguny belentde göterip, dünýäde parahatçylygyň nusgasyna öwrülen, döwletimizde bolsa, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sportuň belent sepgitlere ýetýändigini öz ýeňişlerimiz bilen, älem-jahana aýan etmek isleýärler. Her bir ýeňşiň gözbaşynda ilkinji ädimler durýar. Türgenlerimiziň üstünlikleriniň hut ýurdumyz bilen bagly bolmagy, onuň bilen ýaşlykdan meşgullanylyp, ýokary netijeleriň gazanylmagy berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň oňyn netijesidir. Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda yhlasly türgenleşik we uly ynam dur. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri bolsa, bu üstünliklere giň ýol açýar. Her bir ýaryşdan soňky ýeňiş geljekki ýaryşa ruhlandyrýar. Şeýle ruhlandyryjy pursatlara teleýaýlym arkaly gündelik şaýat bolýarys. Munuň özi, sözüň doly manysynda sport mümkinçilikleriniň we döredilýän amatly şertleriň, ýaşlar hakyndaky aladalaryň ajaýyp miweleridir.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY