TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ WASPÇYSY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä derejesine çykarmakda sungat işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Sungat we medeniýet işgärleri üçin türkmen sungatyny, taryhyny öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ynsanperwer, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi hakda uly aladalar edýär. Dürli döwürleriň jemgyýetçilik, syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň beýany suratkeşlerimiziň halkymyza miras galdyran kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetýär. Arkadagly Serdarymyz bu tagallalary esasynda türkmen nakgaşlyk sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşlere eýe boldy.

        Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolandan bäri sungat ulgamynda uly ösüşleri gazanmaga ähli şertleriň döredilendigine daýanyp, türkmen nakgaşlary tarapyndan ummasyz köp işleriň amal edilendigine göz ýetirýäris.

        Nakgaşlyk sungaty ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmän gelýär. Gadymy taryhy-binagärlik ýadygärliklerimizden görnüşine görä, binagärlik işlerinde nakgaşlyk sungaty esasy bezeg serişdesi bolup hyzmat edipdir.

        Türkmen tebigatynyň gözelliginiň aşygy, onuň jadyly reňkleriniň we howasynyň täsinliklerini açmagy, özüniň döredijiliginde maksat edinen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, ussat nakgaş Kamil Weliahmedow üçin sungat – bu elmydama gujur gaýratyňy gaýgyrman işlemegiň manydaşy.

        Kamil Weliahmedow ilkinji çeperçilik bilimini Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde «Nakgaşlyk» bölüminde alýar. Bu ýerde onuň mugallymy Annatoliý Rýabow sungatyň inçe syrlaryny öwredýär. 1973-1977-nji ýyllar aralygynda Kamil Weliahmedow Aşgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň «Nakgaşlyk» bölüminde tälim alýar. Bu ýerde onuň halypasy Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow bolupdyr. Talyplyk ýyllarynda Kämile plener nakgaşlygyň ähmiýeti hakyndaky tejribe esaslaryny Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramow öwredýär.

        Ussat suratkeş Kamil Weliahmedow eziz Diýarymyzyň gözel künjekleri bolan Sumbar we Aýdere jülgelerini, Gerkez obasyny, Köpetdagyň eteklerini, Amyderýanyň joşgunyny, Garagumyň rahatlygyny, Köýtendagyň täsin ýerlerini diňe özüne mahsus jadyly reňkleri bilen baýlaşdyryp şekillendirýär.

        Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy, sungaty öwreniji Aýjan Kadyrowanyň aýtmagyna görä, Kamil Weliahmedow öz döredijiliginde esasan peýzaž, animalistik we natýurmort žanrynda işleýär. Muňa garamazdan ol türkmen tebigatyny şekillendirmek görnükli orny eýeleýär. Onuň döreden peýzažlarynda tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi we ýiti duýgulary görkezilip, ol reňkleri sazlaşdyryp realizm, impressionizm we ekspressionizm akymlarynda ussatlarça işleýär. Eserlerdäki tebigatyň tiz geçip gidýän üýtgemeleri, lowurdap duran gün şöhleleriň oýunlary hem-de howadaky reňkleriň inçe öwüşgin gatnaşyklary tomaşaçylara ýakymly duýgularyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

        Suratkeş Kamil Weliahmedowyň «Narlar» atly peýzaž işinde türkmen tebigaty suratlandyrylýar. Suratkeş bu ýerde natýurmorty tebigat bilen utgaşdyryp alýar. Saralyşan ýapraklar, bişip, ýarylyp ýatan nar agajynyň miweleri suratkeşiň hyýalyna laýyklykda suratlandyrylyp, ol adamzat ýaşaýşyny alamatlandyrýar. Kamil Weliahmedowyň «Daýahatyn ýadygärligi» eserinde Amyderýanyň ümsüm giňişliginiň han bikesi bolup ýatan gijeki görnüşi suratlandyrylýar. Türkmen tebigatyna häsiýetli deňiz giňişligini, kenarýaka pesliklerini, pytraňňy yşyk, deňiz şemalyny suratkeş ökdelik bilen şekillendiripdir.

        Nakgaş Kamil Weliahmedowyň döredijiliginde haýwanat dünýäsiniň özboluşly çeper dili hem bar. Nakgaşlygyň impressionizm akymyna mahsus döredilen «Tebigat», şeýle-de «Guwlar. atly eserinde suratkeş bedew atynyň we guwlaryň gözel tebigat bilen örän ajaýyp sazlaşygyny görkezmegi başarypdyr. Umuman, türkmen halkynyň haýwanat dünýäsine bolan garaýşy üýtgeşik hem mähirli. Olary şekillendiriş sungatynda wasp etmek bolsa, suratkeşleriň, aýratyn hem ýaş neslimiziň borjy.

        Kamil Weliahmedowyň döredijilik gözleglerine mahsus bolan joşgunlylygy, reňkleriň terligini saklamak we ýakymly duýgulary oýarmak ýörelgesi eserleriň ählisinde aýdyň duýulýar. Onuň eserleri Türkmenistanda, Russiýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Eýranda, Fransiýada, Şwesiýada, Türkiýede, Tatarystanda we Hytaýda şahsy ýygyndylarda saklanylýar. Ussat nakgaş Kamil Weliahmedowyň döreden ajaýyp we özüne çekiji nakgaş eserleri talyp ýaşlar üçin nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär.

Jemal ALTYMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY