SENIŇ ÝAŞYŇDAKAK (hekaýa)

      Ýetmiş ýaşy arka atyp, segsene ser uranam bolsa, Nurberdi aga entek “kaddy dik, süýegi sagdyn” diýilýänlerdendi. Özem biziň göwnümizemi, ýa asly ýasalyşy şeýlemi, onuň ýüzi haçan göräý, gaharly ýa-da bir zatdan närazy ýalydy. Bizä-hä entek ýetginjek, elli ýaşap barýan kakam we onuň hatardaşlaram onuň ýanynda özlerini birhili ýygra alyp barýan ýalydy. Şonuň üçin, biz ony görsek, diňe “salawmaleýkim, Nurberdi aga” diýmekden aňry geçmeýärdik. Olam başyny atyp, çalaja “gurgunmysyňyz, ýigitler” diýmek bilen çäklenerdi. Onuň ýene-de bir täsin tarapy, haçan ýa-da kime duşaýsyn, başyny ýaýkap, “häý, bolşuň gursun, biz seniň ýaşyňdakak...” diýip, hüňňürdär-de, ýoluny dowam edibererdi.

      Bir günem synpdaşym Annaly bilen mekdepden gelýärdik. Annaly günden goranýan äýnek dakynypdyr. Menem onuň äýnegini alyp, dakynyp görjek bolýan, olam bermejek bolýar. Ilki oýunlyga salan bolup, başlan çekeleşigimiziň soňy çyna ýazmaga golaýlady. Birdenem garşymyzda bize gaharly seredip duran Nurberdi agany görüp, sussumyz basylyp, duran ýerimizde doňup galdyk. Aljyrap durşumyza, salam bermegi hem undupdyrys. Nurberdi aga bolsa, hemişekisi ýaly, “Haý, bolup ýörşüňiz gursun, biz siziň ýaşyňyzdakak... häý, bolýa-da” diýdi-de, ýoluny dowam ediberdi. Biz bolsa, ol mazaly arany açýança, ýerimizden butnaman durduk.

      Soňam bir gün enemlerden gelýärkäm, goňşymyz Ejegyz daýzanyň bakyp oturan toklusy boşanyp, köçä çykypdyr. Tokly öňden, Ejegyz daýza yzyndan haýdap gelýär. Meni görüp, “haý, Atajan, ýeteweri, tutaweri” diýip gygyrdy. Menem derrew toklynyň öňüni gabap tutdum-da, boýnundaky ýüpünden idip, Ejegyz daýzalara tarap  ugradym. Agylyna baransoňam, Ejegyz daýza:

      -Atajan, muny ho-ol derekden daňyp goý, hem-ä ol ýeri otluk, hemem kölege – diýdi. Men goýny ýaňy agyldan alyp, boýnuna ýüp dakan wagtym, elimden sypyp gitdi. Hernä bagtyma sen duşaýdyň.

      Menem  toklyny Ejegyz daýzanyň diýen ýerine eltdim-de, boýnundaky ýüpüň beýleki ujuny derege sarap, daňmaga durdum. Meniň ýüp daňşyma Ejegyz daýzanyň pisindi oturmady:

      -Weý-weý, Atajan, nädäýdiň-ä? Şeýdibem bir ýüp daňylarmy? Gundag bag salyp, daňaýmazlarmy? Häli toklyny tutup, idip getirenimi edenlilik hasaplap duran bolsam, häzir ýüzüm gyzaryp, ýeli gaçan pökgä döndüm. Dogrusy, adyny eşitsemem “gundagbag” diýilýän usuly bilemokdym. Meniň ýagdaýymy aňan Ejegyz daýza:

      -Sen biraz garaş, men häzir gundagbag daňyp bilýän adam tapyp gelerin-diýip, köçä ýöneldi. Gel, gel, oňa-da şol Nurberdi aga duşaýmalymy diýsene. Meni görüp, hemişekisi ýaly uludan dem alyp, başyny ýaýkady:

      -Häý, mysalaň gursun, boýuňdan utan. Biz seniň ýaşyňyzdakak... – diýdi-de, salymyny bermän gundagbagy daňdy oturyberdi.

      Ýer-ä ýarylmady, menem girmedim. Öýe-de keýpsiz geldim. Özümçe pikirlenýän. Dogrudan-da, şu Nurberdi aga biziň ýaşymyzdaka, edil meniň ýalyka, nähili bolduka?! Ähli zady başarýan, dogumly ýigit göz öňüme gelýär. Şol ýagdaýa näme üçindir ynanasym gelýär. Emma bizem entek ýaş oglan, häli öwrenmeli, bilmeli zatlarymyz gaty kän. Ýa Nurberdi aga ýaňy aýagy ýer tutup, ýöräp başlandan, ähli zady öwrenip, hemme işiň hötdesinden gelmegi başaraýdymyka?! Başarandyram belki. Häý, özä birhili syrlyrak ýaly görünýär. Ýöne meniň ýürekden ynanasym gelýär. Bu sowal meni öz günüme goýmady. Ahyry bu barada kakamdan soradym. Kakam:

      -Oglum, Nurberdi aga meniň kakam, saňa dakylan adyň eýesi Esen aga bilen deň-duş adam. Seniň aýdan gürrüňiň biz üçinem gyzykly. Diňe saňa däl, birki ýola maňa-da şeýdip igenipdi. Ataň bilen deň-duş adama hiç zat diýip bilmän, dymmak bilen oňupdyk. Günä özüňde bolansoň dagy nätjek?! Ýöne kakam dagydan eşden gürrüňlerime görä, Nurberdi aganyň çagalygy agyr bolupdyr, kakalary irräk aýrylyp, özlerem köpräk çaga bolansoň, kynçylykly durmuşda ösüpdir. Ol gaty gujurly, erjel ekeni. Kiçijegem bolsa, uly adamlar bilen tirkeşip, şolaryň edýän işlerini özbaşdak etjek bolup, çyr-çytyr dyrjaşypdyr. Öz başyny özi çarajak bolup, durmuşda mazaly taplanypdyr. Kakam aýdyp beripdi: “Nurberdi aga sen ýaly ýaş oglan döwürleri kakamy, ýene-de özleri bilen deň-duş Söhbet atly bir oglany alyp, çöle ojara gidipdirler. Çölüň jümmüşine mazaly aralaşyp, ojar ýygyp başlapdyrlar. Düýelerine ýük bolarlyk ojarlary ýygansoňlar, Nurberdi aga agşam şol ýerde ýatyp, irden ýola düşmekligi maslahat beripdir. Ýöne şol Söhbet diýilýäni razy bolmandyr. Onsoň gije ýola düşüpdirler. Olar gözedürtme garaňkyda ugurlaryny ýitirip, azaşypdyrlar. Kakam bilen Söhbet aga näderlerini bilmän, howsala düşüpdirler. Nurberdi aganyň bolsa, göwni bir ýalymyş. Gaýta, “indi-hä düşlärsiňiz, ertire çenli garaşarsyňyz, başga alajymyzam ýok” diýip, düýeleri çökermäge başlapdyr. Olar bir oýda düşläp, ot ýakypdyrlar. Daň atýança, şol ýerde ýatyp, dynç alypdyrlar. Daň atyp, jahan ýagtylypdyr welin, Nurberdi aga daş-töweregine seredip durup, “şu tarap bolmaly” diýip, öňdäki düýäniň başyny bir tarapa öwrüpdir. Onuň diýşi ýaly, olaryň barýan ugry göni obanyň gaýra tarapyndaky ýola gelip birigipdir. Ýanyndakylar “Nurberdi, nädip obanyň bu ugurdadygyny bildiň?” diýip soranlarynda, ol “ony ýeliň öwüsýän ugrundan, otlaryň gyşaran tarapyna seredip, alaňlaryň oturşyndan saýgardym. Ýöne gije ýyldyzlara seredibem, ýol kesgitläp bolýar” diýipdir. Söhbedem “onda näme üçin gije ýolumyzy dowam etdirmedik?” diýipdir. Nurberdi aga bolsa, “düýn howa bulutly boldy, ýyldyzlar görünmedi. Onsoň daňa çenli garaşmaly bolduk” diýipdir. Ataň bilen Söhbet aga, Nurberdi aga ýüzlenip: “ugurtapyjylygyňa telpek goýduk, sen bolmasaň biz näderdik? – diýipdirler”.

      Kakamdan Nurberdi aganyň ýaşlygynda bolan wakany eşdenimden soň, Nurberdi aga bolan hormatym hasam artan ýaly boldy. Ol baradaky eden pikirlerimiň ählisiniň hem dogrudygyna anyk ynandym.

      Meniň oýa batyp oturanymy gören kakam:

      -Oglum, sen Nurberdi aganyň gatyrganmasyny göwnüňe alyp ýörme. Biler bolsaň, Nurberdi aga ýaly adamlaryň igençlerem biz üçinem, siz üçinem nusga alarlyk görelde mekdebidir. Gaýta, şeýle adamlaryň mekdebinden näçe köp zat öwrenip bilseň, geljekde durmuşda hiç hili kösençlik çekmersiň - diýdi.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY