Sport her bir ynsana sagdynlyk, ruhubelentlik we ösüş bagyş edýär. Hut şu bagtyýarlygyň berk üç sütüni her birimiziň abadan durmuşymyzyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldeleri bilen, bu sütünler jemgyýetimizi gurşap alyp, ýokary hil derejä çykýar. Türkmenistanlylar her bir güni şeýle bagtyýarlygyň berk sütünleriniň gülläp ösýän gurşawynda, ýokary ruhubelentlikde garşy alýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa, sport bilen berk jebisleşip, ýurdumyzda giň gerimi gurşap alýar. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Sagdyn nesil, sagdyn ruh» diýýär. Bu ajaýyp jümleler ýaşlarda sporta höwes döredip, uly üstünliklere ruhlandyrýar.
Alymlaryň tassyklamagyna görä, irden turup, günüňi nähili başlasaň, günüň galan ýarymynyň hem şeýle dowam edýändigi, adamyň durmuşynyň onuň psihikasyna, edýän pikirlerine baglydygy tassyklanyldy. Şeýle pikirleriň dogrudygyny arap çeşmeleri hem goldaýar. Iň ýönekeýje mysal, irden turup, maşk etmek lukmanlaryň aýtmagyna görä, müň derdiň dermany bolup bilýär. Birnäçe sagatlyk gije ukusyndan soň, bedeniň hereketi gan aýlanmany, bedeniň dem alşyny kadalaşdyrýar. Açyk howa maşk etmek üçin çykan islendik adamyň şähdi açylýar. Işdäsi açylyp, kellesi durlanýar. Şeýle ýagdaýda, maşk edýän adam sagdyn pikirlenmäniň gapysyny açýar. Görýäňizmi, ýönekeýje irdenki maşk adam üçin iň möhüm meselelerde, aýratynam, bagtly geljegi üpjün edýän meselelerde ilkinji ýollaryň biri bolup hyzmat edýär.
Sport bilen meşgullanýan mahalyň bütin bedeniň hereket edýär, pikirleriň durlanýar, sagdyn pikirlere ýol açylýar. Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdür. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir. Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullansaňda, ol saňa beden sagdynlygyny, jan rahatlygyny berýär. Işe, durmuşa, ertirki güne höwes, hyjuw, ynam döredýär.
Sportuň saglyk bilen berk arabaglanyşygynyň bardygyndan ugur alsak, onuň ynsan saglygyna oňyn täsir edýändigini görmek bolýar. Türkmenistanda her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny üpjün etmek baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan esasy ugrudyr. Saglyk – ynsanyň gymmatly baýlygydyr. Bu babatda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak indi halkymyzyň asylly ýörelgesine öwrülýär. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn ýaşamagy, oňaýly şertlerde dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň giň gurşawynda ýaşaýan, okaýan, döredýän, zähmet çekýän her bir ynsanyň kalbyndaky buýsançly sözler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlanýar.
Bibisere SAPAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.