TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan Bäherden etrabynyň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde okuwçylaryň ýaşlaryň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

      Millilik, maşgala mukaddesligi barada geçen duşuşykda asylly ýol-ýörelgelerimiz we däp-dessurlarymyz wagyz-nesihat edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ata arzuwy, ene mähri bilen maşgalada perzent dünýä inýär. Ol ata-enäniň göz-guwanjyna öwrülýär. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, düýnki çaga ýigit çykýar, uly gyz bolup ýetişýär. Ata-ene perzendine söýgüsinden olar durmuşda mert, pähimli kişä öwrülýär. Şeýle arzyly ykbal üçin ene-atanyň öňünde perzendiň borjy uludyr. Ilkinji we esasy borç — bu ýürekdeşlik. Ezizleriň bilen ýürekdeş bol, kalp edebini berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.

      Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagy ugrundaky bimöçber aladalar üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.   

         

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA