TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde “Edep-terbiýe kämilligiň gözbaşy” atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi.
Mekdep okuwçylarynyň işjeňlikde gatnaşmaklarynda bolan wagyz-nesihat ýygnagynyň esasy maksady ýaşlaryň Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýygnakda çykyş edenler “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada gürrüň bermek bilen, mekdep okuwçylaryna türkmen ýaşlaryny bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.
Täsirli geçen wagyz-nesihat ýygnagynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar hakda edýän bimöçber aladalaryna alkyş sözleri aýdyldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.