TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşi Beýik Ýeňşiň 79-ýyllygyny dabaralandyrmak, uruş weteranlarymyzyň watansöýüjiligini, batyrlygyny, edermenligini ýaşlara düşündirmek maksady bilen etrabyň 1-nji orta mekdebinde “Gahrymanlar halkyň kalbynda ebedi ýaşaýarlar” atly duşuşyk çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler geçen asyryň ortasynda bolup geçen gazaply söweş, ol söweşde mertligiň, batyrlygyň nusgasyny görkezen merdana ildeşlerimiz, şol döwürde urşuň yzynda galanlaryň çeken agyr zähmetleri, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna türkmen halkynyň hem uruşda we tylda görkezen edermenlikleri dogrusynda şeýle hem urşa gatnaşan gahrymanlaryň halkymyzyň ýüreklerinde ebedi ýaşaýandyklary barada täsirli çykyşlary etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.