Golaýda ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, olaryň tebigi zehinlerini ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, mekdep okuwçylarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek, şeýle hem, türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy gyzlar gurnagy” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap tapgyry etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde geçirildi. Oňa orta mekdeplerde döredilen gurnaklaryň 19-sy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar öz okaýan mekdebinde, mekdepden daşary bilim edarasynda hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde tanyşdyrmak hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan türkmen däplerine, ula hormak goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen beýan etmek, şeýle hem, öz ýanlary bilen getiren gutarylmadyk haly önümleriniň belli bir bölegini çitmek, olaryň nagşy barada gürrüň bermek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan “Arşyň nepisligi” atly kitabynda beýan edilişi ýaly, türkmen halysynyň gözelligini wasp etmek, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, gazallary, öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri, çeper sahnalaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen çeper beýan etdiler.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiniň okuwçylary Gülçeper we Gülçemen Dädemyradowalar 1-nji orna, etrabyň 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy Meňli Şabaýewa 2-nji orna, etrabyň çagalar döredijilik öýüniň okuwçylary Aýsoltan Geldimyradowa, Ejemaýa Geldiýewa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrabyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.
Parahat SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.