Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda şol häkimligiň foýesinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäre «Watan Gahrymanlary baky ýaşaýar!» ady bilen geçirilip, çykyşlarda bellenişi ýaly, Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklarynyň biridir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan möhüm syýasatynyň netijesinde Beýik watançylyk urşyna gatnaşanlaryň we sag aman yzyna dolanyp gelenleriň şeýle-de tylda zähmet çekenleriň, beýik ýeňşiň getiren parahat durmuşynyň şanyna her ýyl Ýeňiş baýramy diýarymyzyň dürli ýerlerinde uly dabaralar bilen bellenip geçilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.