Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda 2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlaýan çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýaňlan Owazym!» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, döwrebap kämil, saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmakdan maksady bilen geçirilip, berlen şertine görä, her bir gatnaşyjylar öz hünärleri boýunça iki eseri ýerine ýetirdiler. Dürli saz gurallarynda ýerine ýetirilen eserler bir-birinden täsirli bolup, ýeňiji bolan çagalara guramaçylar tarapyndan diplomlardyr sowgatlar gowşurylyp, tapawutlan çagalara bolsa Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda berildi. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyt NEDIROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bolüminiň baş hünärmeni.