DURMUŞYŇ GYMMATY SAGLYKDYR

      Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlan «Durmuşyň gymmaty saglyk» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

      Gepleşigiň myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gulak-burun, bokurdak lukmany Oguljennet Çaryýewa, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden bejergi alan Halylmyrat jigimiziň mähriban käbesi, Aýjeren Mämmedowa, TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Mähri Gurdowa dagylar bolup, olar öz çykyşlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan işleri, şeýle-de gaznanyň baş maksadynyň il-halkymyzyň dürdäne paýhasynda «durmuşyň täjine» deňelen saglyk bilen baglydygy barada, hemaýata mätäç çagalara edilýän bejergiler dogrusynda hem-de TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň ýaşlaryň arasynda alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada täsirli gürrüňler edildi.

      Gaznanyň hasabyna bejergi alan Halylmyradyň mähriban käbesi Aýjeren gelnejäniň: «Öz deň-duşlary bilen deň derejede bile oýnap bilmeýän, ýöremekden kynçylyk çekýän çagam Halylmyratjan bejergiden soň deň-duşlaryndan saýlanyp aýdym aýtmagy, onda-da Gahryman Arkadagymyzyň öňünde ýüregindäki sagbolsunyny aýdym bilen beýan etmegi maşgalamyz üçin şatlykly, ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Şol pursat meniň üçin durmuşymdaky tüm garaňkylyk aýrylyp, bagt daňy atyp, güneş öz nuruny çaýan ýaly boldy. Oglumyz indi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldy» diýip, gözlerine begenç gözýaşlaryny aýlap gürrüň berişini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlaryny diňlemek örän ýakymly boldy.

      Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýar, bolelin, sagdyn durmuşda ýaşamagy, ähli taraplaýyn ukyply, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçiligi döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyldy.

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR