WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde okap bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden ýaşlara ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy – Orazdurdy Abdyýew, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň işgäri polisiýanyň maýory – Meýlis Nurgeldiýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy – Oguljeren Kazakowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Geňeşiň başlygy – Parahat Kakajaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri – Hoşgeldi Annageldiýew hem-de I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň himiýa mugallymy ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy – Maýsa Tahyrowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, maşgala mukaddesligi, perzent terbiýesi, zenan mertebesi, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli bellemek bilen, ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR