TÜRKMEN BEDEWLERI HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga, ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

      Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, häzirki döwürde bagtyýar nesillerimize miras galan türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatynyň miwesi, halkymyzyň genji-hazynasy bolan ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiziň şanyna Diýarymyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjy» atly şygar astynda aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi.

      Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgäri, Türkmendemirýollary agentliginiň Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy we şol ýokary okuw mekdebiniň talyby gatnaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr, sazlar belentden ýaňlandy.

      Çäräniň dowamynda köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz giňişleýin söhbet edildi.

      Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar atçylyk sungatyny ylmy esasda ösdürmäge, milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar